Hytaýyň «Sea Legend» kompaniýasy şu hepdeden başlap Arktika arkaly ilkinji yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyrmaga başlaýar. Bu barada «Financial Times» habar berýär.
Kompaniýanyň gämisi hepdede bir gezek «Buzly Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylýan ugur boýunça Hytaýyň gündogaryndaky Ninbo portundan Beýik Britaniýanyň Felikstou portuna gatnar.
Adaty şertlerde bu iki portuň arasyndaky ýol takmynan 40 günde geçilýär. Arktika ugry arkaly bolsa gatnaw wagtynyň tas iki esse gysgalmagyna garaşylýar.
«Starboard Maritime Intelligence» kompaniýasynyň analitigi Mark Duglasyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Gyzyl deňiz we Bab al-Mandab bogazy arkaly gatnaw howpsuzlyk töwekgelçilikleri sebäpli kynlaşdy. Şonuň üçin Arktika ugry wagt tygşytlamak üçin möhüm alternatiwa bolup durýar.
«Beýleki mümkinçilik diňe Afrika yklymynyň daşyndan aýlanyp geçmekdir» diýip, hünärmen belläp geçdi.
Ýaz möwsüminde Arktikadaky buzlaryň eremegi gämilere bu sebitde has erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli Demirgazyk deňiz ýoly boýunça yzygiderli gatnawy ösdürmek baradaky karar 2025-nji ýylyň tomsunda bu ugur boýunça rekord derejede 23 sany ýük daşamasy amala aşyrylandan soň kabul edildi.
Deňeşdirmek üçin, 2024-nji ýylda Demirgazyk deňiz ýoly boýunça amala aşyrylan gatnawlaryň sany 15-e deň bolupdy. Täze gatnawyň ýola goýulmagy halkara logistika ugurlarynda Arktikanyň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär.
«THE ASHGABAT TIMES».