Dark
Light
10.08.2026
1785776054351 THE ASHGABAT TIMES

Hytaý Ýer we kosmos howpsuzlygy üçin täze usul teklip etdi

05.08.2026

Hytaýly alymlar Ýere howp salyp biljek uly asteroidlerden goranyş üçin täze usuly hödürlediler. Täze çemeleşme asteroidleriň içinde ýadro zarýadyny partlatmak arkaly olaryň ýok edilmegini ýa-da hereket ugruny üýtgetmegi göz öňünde tutýar.

«Space: Science & Technology» žurnalynda çap edilen gözleg Hytaýyň «Raket-kosmos» tehnologiýalary akademiýasynyň alymlary tarapyndan geçirildi. Kompýuter modelleri ýadro zarýadyny asteroid ýüzünde däl-de, onuň çuň ýerinde ýerleşdirmegiň has netijelidigini görkezdi.

Hasaplamalara görä, diametri takmynan 100 metr bolan asteroidi ýok etmek üçin 3 megaton kuwwatly partlama gerek bolup biler. Alymlar zarýady takmynan 30 metr çuňlukda ýerleşdirmegiň iň ýokary netijeliligi üpjün edýändigini belleýärler.

Gözleg netijeleri bu usulyň hatda 1 kilometr ölçegli asteroidleriň hereket tizligini hem üýtgedip biljekdigini görkezýär. Alymlaryň maglumatlaryna görä, şeýle çemeleşme NASA-nyň 2022-nji ýylda geçirilen DART synagyndan has güýçli täsir berip biler.

Hünärmenler täze tehnologiýanyň diňe howply asteroidler öňünden anyklanan ýagdaýynda peýdaly boljakdygyny aýdýarlar. Şeýle missiýalar üçin ýörite kosmos enjamlaryny, güýçli raketa göterijilerini we degişli infrastruktura döretmek zerur bolar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1785776054369 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kembrij alymlary ýaşyl suwotulardan ekologik batareýa döretdi

73lvrid7d46nvmqhb3oclredlvqbsr 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen wekiliýeti Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk merkezinde boldy

Soňkylar Dünýä habarlary

Kolumbiýanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi

10.08.2026
Telekeçi we syýasatçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Inaugurasiýa dabarasy Caracol teleýaýlymynda göni efirde görkezildi. Dabara paýtagt Bogotada däl-de,
GitTop