Dark
Light
06.10.2026
1787856452645 THE ASHGABAT TIMES

Ispaniýadaky muzeýden meşhur Wilýena hazynasy ogurlandy

28.08.2026

Ispaniýanyň Alikante welaýatyndaky muzeýden bürünç eýýamyna degişli Wilýena hazynasy ogurlandy. Bu barada «El País» gazeti habar berdi.

Takmynan biziň eýýamymyzdan öňki 1200-nji ýyla degişli bolan hazyna altyndan, demirden, kümüşden we ýantar daşyndan ýasalan 59 sany gymmatly zatdan ybarat. Olaryň umumy agramy 10 kilograma golaý.

Habara görä, jenaýatçylar ilki muzeýiň golaýynda ýerleşýän sport merkezinde ýalan çagyryş arkaly howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ünsüni sowupdyr. Soňra olar gapdal penjireden sergi zalyna giripdir. Ogurlanan hazynanyň umumy bahasy 1,7 million ýewro töweregi diýlip çaklanylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kasym zomart tokayew awazada geciriljek sammitlere gatnasar 9ba82616fac74de9ce334ea7532cfddc THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kasym-Žomart Tokaýew Awazada geçiriljek sammitlere gatnaşar

tajik 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen Täjigistan ylmy-analitiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Soňkylar Dünýä habarlary

Dünýä kartasy 500 ýyldan soň täzelenýär

10.09.2026
Birleşen Milletler Guramasy (BMG) dünýä kartalarynda giňden ulanylýan Merkator proýeksiýasyndan ýüz öwürmek kararyna geldi. XVI asyrda döredilen bu kartografik usul şu güne çenli okuw
GitTop