Dark
Light
13.08.2026
1785776054369 THE ASHGABAT TIMES

Kembrij alymlary ýaşyl suwotulardan ekologik batareýa döretdi

04.08.2026

Kembrij uniwersitetiniň alymlary biodizaýner Lusiýa Hiron bilen bilelikde janly gök-ýaşyl suwotularyň kömegi bilen elektrik öndürýän täze biosell ulgamynyň prototipini hödürledi.

Biophotowoltaika tehnologiýasyna esaslanýan bu enjam fotosintez prosesi arkaly elektrik energiýasyny öndürýär. Suwotular diňe gün şöhlesi, suw we kömürturşy gazy bilen işleýär, şeýle hem adaty batareýalarda ulanylýan zyýanly materiallara bolan zerurlygy azaltmaga mümkinçilik berýär.

Gözlegçiler bu tehnologiýanyň eýýäm birnäçe ýyllap synagdan geçirilendigini aýdýarlar. Bioselleriň kömegi bilen elektron sagatlar, temperatura datçikleri we ösümliklere gözegçilik edýän akylly ulgamlar işledildi. Häzirlikçe täze batareýa diňe az energiýa talap edýän enjamlara niýetlenýär. Şeýle-de bolsa, alymlar bu usuly geljekde ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň biri hökmünde görýärler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

a.mowlamow THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Yslamabatda türkmen-italýan diplomatik duşuşygy geçirildi

1785776054351 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hytaý Ýer we kosmos howpsuzlygy üçin täze usul teklip etdi

Soňkylar Täzelikler

GitTop