Telekeçi we syýasatçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Inaugurasiýa dabarasy Caracol teleýaýlymynda göni efirde görkezildi.
Dabara paýtagt Bogotada däl-de, Kolumbiýanyň günbataryndaky Kali şäherinde geçirildi. Gatnaşanlaryň arasynda Argentina, Çili we Ekwador prezidentleri — Hawýer Mileý, Hose Antonio Kast we Daniel Noboa hem bardy.
De la Espriella 21-nji iýunda geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda saýlandy. Ol 49,6 göterim ses alyp, çepçileriň «Taryhy şertnama» partiýasynyň wekili bolan garşydaşy Iwan Sepedany 0,9 göterim bal tapawudy bilen ýeňdi.
«THE ASHGABAT TIMES».