Dark
Light
12.09.2026
bedew niderland THE ASHGABAT TIMES

Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär

03.08.2026

2026-njy ýylyň 25-29-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri  Niderlandlar Patyşalygynda iş  saparynda boldular. Saparyň maksady 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň degişli döwlet edaralarynyň we guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirmekden ybarat boldy.

Duşuşyklaryň dowamynda dünýä çempionatynyň guramaçylyk meseleleri, sergi-ýarmarkanyň taýýarlygy, milli pawilýonlaryň ýerleşdirilişi, logistika, myhmanlary kabul etmek hem-de halkara gatnaşyjylar üçin dörediljek şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dünýä çempionatynyň çäklerinde guraljak Türkmenistanyň milli sergi-ýarmarkasynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalaryň önümleriniň we milli gymmatlyklarynyň görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Iş saparynyň netijeleri boýunça taraplar dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mid dim THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan BMG-niň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» Kararnamasyny durmuşa geçirmäge girişýär

merkezi aziya 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň mejlisine gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop