Dark
Light
12.09.2026
halk maslahaty yazgyly THE ASHGABAT TIMES

Maslahatly il myrada ýeter

03.08.2026

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýär. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Elbetde, maslahatlaşylyp edilýän işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan baý tejribe aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka geňeşmek nesilbaşymyz Oguz handan başlap, ähli parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilige, kanunylyga we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň häzirki wagtda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäre ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň, döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini nobatdaky gezek aýan eder. Halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülnar BERDIMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1785618591162 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

AFK-nyň Günbatar sebiti üçin elit eminler seminary geçiriler

okuwcy 1 nji sentyabr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimler baýramy – paýhasyň we döredijiligiň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

11.09.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bagtyýar, asuda durmuşy, abadançylygy we saglygy barada uly aladalar edilýär. Bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat etmegiň çäginde

«Kitap okan gullar magnydan dokdur»

10.09.2026
Durmuşda ynsan kalbyna täsir etmekde çuňňur manyly sözden ähmiýetli zat, megerem, ýok bolsa gerek. Dana sözler, paýhasly jümleler, dürdäne pähimler her bir adamyň göwnüni

Garaşsyzlyk nurun saçýar Watana!

10.09.2026
Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana

Bilimliniň ýoly açyk

08.09.2026
Ajaýyp üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar
GitTop