Dark
Light
12.09.2026
1786263236704 THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek howa taksisi uçuş amala aşyrdy

10.08.2026

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek ýolagçyly uçarmansyz howa taksisi uçuş amala aşyrdy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi habar berdi.

«Geljek oýunlary — 2026» halkara ýaryşynyň çäklerinde Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýörite bölünip berlen çäkde «EH216-S» kysymly dikligine uçup-gonýan elektrik enjamy (eVTOL) görkezme uçuşyny amala aşyrdy.

Gazagystanyň hökümeti ilkinji tapgyrda ýurduň tebigy, medeni we taryhy gözel ýerleriniň üstünden dowamlylygy bäş minutdan 30 minuta çenli bolan görkezme we syýahatçylyk ugurlaryny ýola goýmak mümkinçiligine seredýär. Geljekde şeýle enjamlar şäher ulag ulgamynyň bir bölegine öwrülip, bar bolan gatnaw görnüşleriniň üstüni ýetirip biler.

Ýolagçy daşamakdan başga-da, uçarmansyz howa taksilerinden gyssagly lukmançylyk kömegini bermek, derman serişdelerini eltmek, gözleg-halas ediş işlerini geçirmek, ýangyn söndürmek we logistika wezipelerinde peýdalanmak meýilleşdirilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

esen aydogdyyew THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyga gatnaşdy

1786263236694 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kolumbiýanyň täze Prezidenti kasam kabul etdi

Soňkylar Täzelikler

GitTop