Dünýä futbolynyň ýyldyzy Kriştianu Ronaldu we onuň söýgülisi Jorjina Rodrigesiň nikalaşmak dabarasynyň şu ýylyň awgust aýynda Portugaliýanyň Madeira adasynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Daşary ýurt metbugatynyň maglumatlaryna görä, toý dabarasyny guramak üçin takmynan 12 million dollar sarp edilip bilner. Nikalaşmak dabarasynyň Funchal soborynda geçirilmegine, baýramçylyk kabul edişliginiň bolsa adadaky abraýly myhmanhanalaryň birinde guralmagyna garaşylýar. Bu ýer Ronaldu üçin aýratyn ähmiýete eýe, sebäbi onuň uly futbol karýerasyna ilkinji ädimleri hut şu adadan başlanypdy.
Dabara dünýä sportunyň we şou-biznesiniň meşhur wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Myhmanlaryň arasynda Kylian Mbappe, Karim Benzema, Zinedine Zidane, Neymar, Vinisius Junior, Rodrigo we Rio Ferdinand ýaly futbol ýyldyzlarynyň, şeýle-de Rihanna, Jennifer Lopez, Drake, Justin Bieber, Travis Scott, Vin Diesel, MrBeast we IShowSpeed ýaly meşhur şahslaryň atlary agzalýar. Şeýle hem Habib Nurmagomedow bilen Konor Makgregoryň hem çagyrylan myhmanlaryň arasynda boljakdygy baradaky maglumatlar uly gyzyklanma döretdi.
Ronaldu bilen Jorjina Rodriges 2016-njy ýyldan bäri bile ýaşaýarlar we bäş çagany terbiýeleýärler. Olar geçen ýyl durmuş gurmak kararyny resmi taýdan yglan edipdi. Eger toý üçin aýdylýan 12 million dollarlyk çykdajy tassyklansa, bu waka soňky ýyllaryň iň gymmat we iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan meşhur toýlarynyň birine öwrülip biler.
«THE ASHGABAT TIMES».