Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Şunda täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy toplumlaýyn özgertmek babatda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigi buýsançly hakykatdyr. Dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan döwlet syýasatymyzyň netijesinde, Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, ynanyşmagy we parahatçylygy berkidýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda hem «Sport — parahatçylygyň ilçisi» şygarymyz dünýäde giňden dabaralanýar. Şunda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy möhüm waka boldy.
Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan sport diplomatiýasynyň rowaçlanmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Şamyrat ÝAZBERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.