Dark
Light
13.08.2026
73lvrid7d46nvmqhb3oclredlvqbsr 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen wekiliýeti Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk merkezinde boldy

05.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäginde Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk merkezine bardy. Saparyň maksady bu ýerde geçiriljek halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmakdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Saparyň dowamynda wekiliýet agzalary merkeziň ýolbaşçylary we atçylyk sporty boýunça ýerli hünärmenler bilen duşuşyk geçirdiler. Taraplar çäräniň maksatnamasyny taýýarlamak, gatnaşyjylary we myhmanlary ýerleşdirmek, şeýle hem sport, medeni çäreleri we sergileri ýokary derejede guramak bilen bagly degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti açyk we ýapyk sport desgalarynyň hem-de türgenleşik meýdançalarynyň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşdy.

Duşuşykda «Peelbergen» merkezinde degişli hünärmenleri taýýarlamak, tejribe alyşmak we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem wekiliýet milli önüm öndürijileriň türkmen harytlarynyň sergisi üçin niýetlenen ýerleri gözden geçirdi.

Bu uly göwrümli halkara çäre ahalteke atlaryny dünýäde wagyz etmek, medeni gatnaşyklary berkitmek we atly sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy täze derejä götermek üçin möhüm meýdança bolar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1785776054351 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hytaý Ýer we kosmos howpsuzlygy üçin täze usul teklip etdi

1785776054363 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alymlar adam DNK-synda näbelli gadymy homininiň yzyny tapdy

Soňkylar Habar

GitTop