Dark
Light
12.09.2026
6ofr8zqnccmx5ijxlkzp5ymbj4xaoq 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

07.08.2026

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garadylar. Hususan-da, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilim we sport babatdaky gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine garaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1785871687906 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedeniň berýän 7 signaly: organizmiň nämäni duýdurýandygyny nädip düşünmeli?

1785871687912 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Samsung Galaxy F70 Pro tanyşdyryldy: 6000 mAh batareýa we Galaxy AI

Soňkylar Habar

GitTop