Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2027-nji ýylda awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak boýunça ýuridik we fiziki şahslardan arzalaryň kabul edip başlanandygyny habar berýär. 2027-nji ýylda awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak boýunça arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Arzalaryň ýygnalmagy kärhanalaryň, telekeçileriň we raýatlaryň ýük daşamak hyzmatlaryna bolan zerurlyklaryny öňünden kesgitlemäge hem-de geljek ýyl üçin pudagyň işini meýilleşdirilende garaşylýan ulag işleriniň möçberini göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär. Bu, aýratyn-da, çig maly, enjamlary, gurluşyk serişdelerini we beýleki önümleri yzygiderli ýa-da uly möçberde daşamak zerurlygy bolan guramalar üçin möhümdir.
Arzalaryň öňünden kabul edilmegi awtoulag serişdelerini has netijeli paýlamaga we garaşylýan islegi göz öňünde tutup, ýük daşamalary meýilleşdirmäge hem ýardam edýär.
«THE ASHGABAT TIMES».