Dark
Light
12.09.2026
mekdep bazar 26 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady

03.08.2026

1-nji awgustda Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady. Däp bolşy ýaly, ýurduň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi.

Şu ýyl Aşgabadyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir.

Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň Türkmenistanda öndürilýändigini bellemek gerek. Olar ekologik taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary. Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysadyyet 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ykdysadyýeti ýylyň ýedi aýynda durnukly ösüşi görkezdi

yanlan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop