Dark
Light
12.09.2026
turkmenistan continues accepti 1441b775217b1c146325d7dfb664c09d sm THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2026» atly bäsleşige arzalar kabul edilýär

06.08.2026

Türkmenistanda ýaş programmaçylary, işläp düzüjileri we oýlap tapyjylary goldamaga gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2026» atly innowasion taslamalar we startaplar bäsleşigine arzalaryň kabul edilmegi dowam edýär. Gatnaşyjylar milli ykdysadyýeti ösdürmegiň we ýurduň sanly özgertmelerini ilerletmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän sanly çözgütlerini ýedi ugur boýunça hödürläp bilerler.

Bäsleşik 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär. Onuň esasy maksady ýaşlary döwrebap programma üpjünçiligini, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologik çözgütleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.

Däp bolşy ýaly, bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar hem-de ýaş hünärmenler özleriniň sanly taslamalary bilen gatnaşýarlar. Şu ýyl bäsleşik ýedi esasy ugry öz içine alýar. Olar emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyryş, akylly oba hojalygy tehnologiýalary, Smart City konsepsiýasy, sanly bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk, şeýle hem döwrebap hyzmatlar ulgamyndaky sanly çözgütlerdir.

Hödürlenen taslamalara ýörite döredilen bilermenler topary tarapyndan baha berler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileriň atlary ýylyň ahyrynda däp bolşy ýaly geçirilýän «Türkmentel – 2026» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde dabaraly ýagdaýda yglan ediler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar elektron görnüşde telecom.tm resmi internet portaly arkaly we mincom.gov.tm kabul edilýär. Bu portalda ýaş işläp düzüjiler we innowasion pikirleriň awtorlary hasaba alnyp, öz taslamalaryny hödürläp bilerler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

pakistan THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ilçisi Halkara parlamentariýler kongresiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

blfdedirbq7fmumyuhanenpgqetrqq 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Turkic World» habarlar portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taýýarlyk işlerini we geçirilişini beýan eder

Soňkylar Habar

GitTop