Dark
Light
12.09.2026
esen aydogdyyew THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyga gatnaşdy

10.08.2026

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Ellison M.Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar işewürlik, aýratyn möhüm minerallar, emeli aň we sanlylaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda öňde boljak ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin çäreler, şeýle hem umumy gün tertibiniň esasy meseleleri barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy hem-de amaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýeti tassyklanyldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awto yol THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin awtomobil ýoly arkaly ýük daşamak boýunça arzalar kabul edilip başlandy

1786263236704 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek howa taksisi uçuş amala aşyrdy

Soňkylar Habar

GitTop