Dark
Light
11.09.2026
yanlan THE ASHGABAT TIMES

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi

03.08.2026

Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Bu bäsleşige sebitiň şäherlerinde we etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Bäsleşikde aýdymlaryň saýlanyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözlerini dürs aýdyşlaryna aýratyn üns berildi.

Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Röwşen Kakaýew hem-de Şabat etrap medeniýet merkezinden çeper höwesjeň Wepa Ýazmyradow halk heňlerini, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijilik ussatlygy, ýakymly lebzi, hoş owazy bilen öňe saýlandylar. Olar, degişlilikde, birinji we ikinji orny eýelediler hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mekdep bazar 26 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady

mid dim THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan BMG-niň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» Kararnamasyny durmuşa geçirmäge girişýär

Soňkylar Habar

GitTop