Aşgabat, 1-nji sentýabr. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Täze bilim toplumy ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolup, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. 5 müň orunlyk täze toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan gurlup, talyplaryň we professor-mugallymlaryň netijeli bilim almagy hem-de iş alyp barmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Täze bilim şäherçesi 32,2 gektar meýdany eýeleýär. Onuň düzüminde 13 gatly baş bina, 8 fakultet, 28 kafedra, kitaphana, mejlisler zaly, döwrebap okuw otaglary we tejribehanalar ýerleşýär. Şeýle-de talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin bolsa her biri 40 öýli iki sany ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy.
Okuw toplumynda binagärlik, gurluşyk, inženerçilik we tehnologiýa ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin döwrebap tejribehanalar döredildi. Olaryň hatarynda seýsmiki barlag, elektromehanika, himiýa tehnologiýasy ugurlary boýunça ýokary tehnologiýaly enjamlara eýe bolan tejribehanalar bar. Täze bilim ojagynda talyplaryň dünýä standartlaryna laýyk bilim almagy, ylmy-barlag işlerini alyp barmagy üçin ähli zerur şertler döredildi.
«THE ASHGABAT TIMES».