Dark
Light
14.11.2026
1790277010083 THE ASHGABAT TIMES

Baku şäherinde «Formula 1» boýunça daşary ýurtly myhmanlaryň sany rekord derejä ýetdi

25.09.2026

Baku şäherinde geçirilýän «Formula 1» boýunça Azerbaýjan Gran-prisiniň 10-njy, ýubileý ýaryşynyň çäklerinde paýtagta gelen daşary ýurtly myhmanlaryň sany 16 müňden geçdi.

AZERTAC-a berlen maglumata görä, bu görkeziji «Formula 1» ýaryşlarynyň Baku şäherinde geçirilip başlan gününden bäri hasaba alnan iň ýokary netijedir. Geçen ýyl Azerbaýjan Gran-prisini görmek üçin paýtagta gelen daşary ýutly myhmanlaryň sany 14 müň bolupdy.

Ýaryşa halkara derejesindäki gyzyklanmanyň artmagy biletleriň satuw geografiýasynda hem öz beýanyny tapdy. 2026-njy ýyldaky Azerbaýjan Gran-prisiniň biletlerini 120-den gowrak ýurtdan bolan janköýerler satyn aldy.

Bu görkeziji Baku Gran-prisine halkara gyzyklanmanyň barha giňeýändigini görkezýär. Şeýlelikde, ýaryşyň 10-njy gezek geçirilmegi bilen bir hatarda, daşary ýurtly myhmanlaryň sany boýunça hem täze rekord goýuldy.

Baku şäherindäki «Formula 1» ýaryş hepdeligi 24-nji sentýabrda başlandy we 26-njy sentýabrda tamamlanar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew miras new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bedew – erkinligiň we gözelligiň janly keşbi

1790277010070 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Baku şäherinde «Formula 1» Gran-prisiniň çäklerinde klassiki awtoulaglaryň sergisi geçirilýär

Soňkylar Dünýä habarlary

GitTop