Dark
Light
06.10.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Bedew bady bilen rowaçlygyň röwşen ýoluna!

11.09.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belent maksatlar rowaçlanýar, her bir günümiz üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp ýylda belent maksatlary nazarlap zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak baky bagtdyr. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimde hem döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmäge, ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Giň möçberliligi bilen tapawutlanýan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da ösdürilýär.

Ýaşlaryň kämil, bilimli bolmaklarynda bilim edaralarynda maksatlaýyn işler ýola goýulýar hem-de üstünlikli alnyp barylýar. Şunda mekdebe çenli bilim edaralarynda, çagalar baglarynda alnyp barylýan işleri hem bellemek gerek. Çagalar baglarynda körpeleriň milli ruhda terbiýelenmegi, irki ösüşlerini üpjün etmekde öwrediji sapaklaryň guralmagy möhüm ähmiýetlidir. Çünki uly toparlarda öwrediji sapaklar, mekdebe taýýarlamak ýaly işler ýola goýulýar. Sözüň doly manysynda, körpeleriň geljekde bilimleri özleşdirmekleri üçin irki döwürden alada edilýär, olaryň öwrenmäge bolan höwesleri, ukyplary ösdürilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işler öz miwesini berýär. Rowaçlyk ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzdaky her bir bilim ojagy doly kompýuterleşdirilendir, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ösen tehnologiýalar çagalar baglarynda hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Çünki körpeler üçin öwrediji sapaklar geçilende, öwrediji oýunlar guralanda multimedia tagtalardaky dürli şekiljikler, suratlar has-da täsirli bolýar. Terbiýeçiler, mugallymlar bu usullardan peýdalanyp, olara reňkleriň atlandyrylyşyny, sanamagy we beýleki mekdebe çenli bilimleri öwredýärler. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümiziň bize eçilýän miweleridir.

Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyza, eziz Diýarymyza guwanyp, döredijilikli zähmet çekmek, ýaş nesillerimiz, körpelerimiz hakynda alada etmek hem asylly ýörelgämize öwrüldi. Şeýle ajaýyp zamanamyza çäksiz guwanyp ýaşaýan mähriban halkymyz gurýar, döredýär. Bagtyýarlyga, ajaýyp döwrümize guwanyp, döredijilikli zähmet çekmek, ylym-bilimiň ösüşine goşant goşmak uly bagtdyr. Türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Annasoltan HAÝYTJANOWA,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim okuwcy kompyuter THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – adamzadyň iň uly baýlygy

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli bi­lim ul­ga­my: ösü­şleriň beýik nusgasy

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop