Häzirki döwürde islendik jemgyýetiň hem-de ýurduň ösüşiniň esasy şertleriniň biri bilimli, başarnykly we maksada okgunly nesli terbiýelemekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir» diýlip nygtalmagy bilimiň ýokary ähmiýetine ünsi çekýär.
Bilim adama täze mümkinçilikleri açýan güýç, ösüş ýolunda ýol görkezýän ygtybarly daýançdyr. Şoňa görä-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň sahawatly güýz paslynyň ilkinji günleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň berkararlygyny, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan wakalar bilen garşylandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi şanly ýylyň taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy.
Ilkinji okuw sapagynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» mowzugynda geçirilmegi ýaş türkmenistanlylaryň beýik döwre buýsanjyny artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, ýakynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Onuň dowamynda ýaş nesliň öwrenmäge höwesini artdyrmak, olaryň milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda gymmatly pikirler beýan edildi.
Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl. Şoňa görä-de, her ýyl täze bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ata Watanymyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bilimler ýurdudygyny aýdyň tassyklady.
Nigara REJEPBAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.