Dark
Light
06.10.2026
bedew yyly THE ASHGABAT TIMES

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

14.09.2026

Türkmenistan 35 ýyl mundan ozal özüniň Garaşsyzlygyny yglan edip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap aldy. Ýurdumyz şol taryhy wakadan soňra özygtyýarly hem-de erkin ösüş ýoluna gadam basdy we Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetdi. Munuň özi döwlet Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren peşgeşidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hakynda aladany ilkinji nobatda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Garaşsyzlyk türkmen halkyny dünýä çykardy, onuň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterdi. Bu döwürde ýurduň, halkyň ykbaly bilen baglanyşykly islendik mesele iňňän oýlanyşykly, akylly-başly çözüldi. Garaşsyzlyk türkmene gurmaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan durnukly ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly öňegidişlikler gazanyldy.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň arzuwlan ýoly bolup, Watanymyzy şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bagtyýar halkymyz ata Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýar. Watanyň şöhratly geljegi, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşy, ýaş nesliň sagdyn, döwrebap düşünjeli, päk ahlakly bolup ýetişmekleri babatdaky beýik başlangyçlar bu gün üstünliklere beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ildeşimiz ýurdumyzyň parahatlygyndan, bagtyýar durmuşdan, beýik ösüşlerden ylham alýar. Döwlet senamyzdaky: «Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur, // Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen sözler bolsa halkyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana mizemez söýgüsi bolup ýaňlanýar. Eziz halkymyz Garaşsyzlygyň peşgeş eden bagtyýar zamanasynda çäksiz buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyza, eziz Watanymyza tüýs ýürekden buýsanýarys.

Myratmuhammet GURBANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garassyzlyk 35 yyllygy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

iiviargaactzz0vrnkkzp2sivqpjv3 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop