Dark
Light
14.11.2026
1790090422532 THE ASHGABAT TIMES

Dünýä suratlarda (foto)

22.09.2026

«The Ashgabat Times» okyjylary dünýäde bolup geçen wakalardan suratlaryň üsti bilen habarly etmegini dowam etdirýär.

1790090422562 THE ASHGABAT TIMES

Hytaý: 1-nji oktýabr — Hytaýyň Milli baýramynyň öňüsyrasynda Týananmen meýdançasynda işçiler äpet emeli güllerden bezeg kompozisiýasyny döredýärler.

1790090422556 THE ASHGABAT TIMES

Polşa: Ýewropa tramwaý sürüjileriniň çempionaty. Sürüjileriň ussatlygyny synagdan geçirýän bir günlük ýaryş. Bu ýylky bäsleşikde Praga şäheriniň topary ýeňiş gazandy.

1790090422551 THE ASHGABAT TIMES

Russiýa: Parlament saýlawlarynyň ilkinji güni. Merkezi saýlaw toparynda ýurduň ähli künjegindäki saýlaw uçastoklaryndan göni ýaýlym guraldy.

1790090422544 THE ASHGABAT TIMES

Italiýa: Milandaky «La Scala» teatrynyň sahnasynda Verdiniň eserine degişli «Traviata» operasynyň 1990-njy ýyldaky ajaýyp sahna goýluşy täzeden görkezildi. Spektaklda 90-a golaý ýerine ýetiriji gatnaşýar.

1790090422538 THE ASHGABAT TIMES

Ýaponiýa: Nagoi şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynyň tekbol boýunça aýallar jübütliginiň finalynda Taýlandyň wekili Suphawadi Wongkhamçan altyn medal ugrunda göreşýär.

1790090422532 THE ASHGABAT TIMES

Beýik Britaniýa: Günbatar Sýusseksde geçirilen awtosport festiwalynda çagalar retro pedal awtoulaglarynda «Settington kubogy» ugrundaky ýaryşda bäsleşýärler.

1790090422526 THE ASHGABAT TIMES

Germaniýa: Mýunhende däp bolan «Oktoberfest» baýramçylygy: attraksionda gezip ýören adamlar.

1790090422519 THE ASHGABAT TIMES

Braziliýa: Rio-de-Žaneýroda geçirilen sungat hepdeliginde suratkeş Aleks Senna «Açyk göz bilen görlen düýş» atly çişirilýän sungat eserini görkezdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hytay THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Pekinde geçirilen parahatçylyk festiwalynda Türkmenistanyň medeni mirasy görkezildi

halk mas 2626 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty: beýik işler – halkyň bähbidine

Soňkylar MEDIA

Dünýä suratlarda (foto)

24.08.2026
«The Ashgabat Times» okyjylary dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar bilen suratlar arkaly tanyşdyrmak isleýär. ABŞ. Florida ştatynyň Pompano-Biç şäherindäki Meduza muzeýinde ýapon deňiz meduzasy
GitTop