Dark
Light
06.10.2026
342434 scaled THE ASHGABAT TIMES

Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar!

08.09.2026

“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi sizi Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek Zehin bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Senesi: 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabry

Başlanýan wagty: 14:00

Geçiriljek ýeri: “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezindäki “Iş nokady” koworking-merkezi

Gatnaşyjylaryň ýaşy: 15–24 ýaş aralygy

Gatnaşmak: Mugt (ýerlerimiz çäkli)

Çäre dabaraly ýagdaýda açylyp, çekeleşikli Zehin bäsleşigi we Ozon merkeziniň taýýarlan wideoroliginiň görkezilişi bilen dowam eder. Zehin bäsleşiginde 10 kişiden ybarat iki topar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ozon gatlagyny goramak, tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek we ekologik meselelere çözgüt tapmak bilen baglanyşykly ýörite ýumuşlar boýunça bäsleşerler. Toparlar soraglara jogap tapyp bilmedik ýagdaýynda, tomaşaçylar hem öz pikirlerini aýdyp, işjeň gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary, ähli gatnaşyjylara we tomaşaçylara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşikde güýç synanyşmak üçin 20 sany, oňa tomaşa edip, işjeň goldaw bermek üçin bolsa 40-a golaý ýaşlary çagyrýarys. Gatnaşmak üçin adyňyz, familiýaňyz, telefon belgiňiz, ýaşyňyz we okaýan (işleýän) ýeriňiz baradaky maglumatlary tebigatchy.jemg@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly. Bäsleşip, ýeňiji bolmak isleseňiz hatyň “Tema” ýerine “Ozon – Gatnaşyjy”, tomaşaçy hökmünde gatnaşasyňyz gelse, “Ozon – Tomaşaçy” diýip ýazyň.

Hasaba almaklyk 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabry sagat 17:00-a çenli dowam edýär.

Habarlaşmak üçin: +(993 12) 37-46-78; +(993 64) 26-84-32

Leave a Reply

Your email address will not be published.

lzsux8kgj2qm5lsaen6yglz5fk4i0t 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda Hazar deňziniň durnukly ösüşi boýunça 11-nji Halkara okuw maslahaty öz işine başlady

04092026 001 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan bilen World Tennis hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny kesgitlediler

Soňkylar Habar

GitTop