Garaşsyzlyk — türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Şol nurly daň indi 35 ýyldan bäri il-günüň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýär. Bu ýyllaryň içinde türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlandy. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, döredijilik ussatlary, aýratyn hem, türkmen nakgaşlary öz eserlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miwelerini belentden wasp edýärler. Muňa Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyz Watanymyz ― dillerde dessanymyz» atly serginiň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr. Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň-bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir. Şu jähetden, Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, durmuş-ykdysady ugurlaryň ulgamlaýyn ösüşinde aýdyň ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen suratkeşleriniň eserlerinde Garaşsyzlyk baýramynyň temasyny owadan beýan edilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň ýoly bilen täze üstünliklere tarap ugur alýar. Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem dabaraly ýagdaýda geçiriler. Şoňa görä-de, bu umumymilli forumyň syýasy-taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça işler barha giň gerime eýe bolýar.
Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli muzeýimizde guralýan şekillendiriş sungaty eserleriniň baýramçylyk sergisi ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlaryny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetiň üstünlikli ösüşini ýene bir gezek görkezýär. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Jeren PALLYKOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň esasy hünärmeni .