Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk derejä ýetdi. Obalarymyzda, şäherçedir şäherlerimizde durmuşa geçirilen özgertmeler, ýetilen belent sepgitler muňa aýdyň güwä geçýär. Şu günlerde bolsa giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Her bir güni şanly wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen dabaralanýan ýylymyz göňüllerde ganat, ýüreklerde buýsanç döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy toýlanylýan şu ýylyň şygary döredijilikli zähmet çekip, öndürijilikli işleýän halkymyzy täze üstünliklere, beýik maksatlara ruhlandyrýar. Şu ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler sanardan juda kändir. Munuň özi Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy döwrünüň beýik ösüşler bilen dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.
Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlarboýy gorap saklan mukaddes topragynda, Garaşsyzlygyň saýasynda agzybirligiň, dostlugyň we parahatçylygyň ajaýyp owazy ýaňlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň dürli ýurtlarydyr halkara guramalarynyň ençemesi bilen dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň ähmiýetiniň uludygyny, berkarar Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Munuň özi döwletimiziň halkara abraýyny görkezmek bilen birlikde, her bir türkmen raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar.
Garaşsyzlyk biziň her birimiziň ýüregimizdäki Watana bolan söýginiň öçmejek alawy bolup, berkarar döwletimizi has-da belent sepgitlere alyp barýar. Gadyr-gymmaty mukaddesliklere deňelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna sowgatly barmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şeýle sepgitlere ýetmekde gujur-yhlasyny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.