Dark
Light
06.10.2026
garassyzlyk 35 yyllygy THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

14.09.2026

Altyn güýzüň taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýän her güni bizi beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barha ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özbaşdak, bagtly durmuşda ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky umyt-arzuwlarynyň wysal bolmagydyr.

Şeýle uly bagta ýetip, asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuwynyň wysalyna gowşan halkymyz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly ösüş-özgerişlikleri başdan geçirýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyz bäri geçen döwürde güneşli Diýarymyz ykdysady, medeni galkynyşlaryň, asudalygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde halkara giňişliginde özüni ykrar etdirdi. Ýurdumyzda Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, ykdysady ösüşlere, il-günüň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaklyga, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaklyga aýratyn üns berlip başlandy. Bagtyýar halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny, halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek, ruhuny belende göterjek ýol-ýörelgeler saýlanylyp alnyp, dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, ruhy esaslary döredildi, binýatlary berkidildi.

Özygtyýarly Watanymyz ösen, syýasy taýdan durnukly, halkynyň hal-ýagdaýy günsaýyn gowulanýan ýurda, diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde ynanyşmagyň we jebisleşmegiň esasy merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli binalaryň, senagat desgalarynyň, gaz geçirijileriň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtoulag hem demir ýollaryň gurluşyklarynyň güýçli depginde alnyp barylmagy, umuman, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin uly möçberli maýa goýumlarynyň yzygiderli goýulmagy döwletliligiň, berekediň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýol-ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizde egsilmez guwanç, buýsanç döredýär. Biz ýurdumyzy rowaçlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Işanguly ANNAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

aral THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Merkezi Aziýa ýurtlary Aral deňziniň basseýninde sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop