Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde halkara güwänamalary gowşurmak dabaralary geçirildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumyna halkara standartlara laýyklygyny tassyklaýan birnäçe güwänama gowşuryldy. Olaryň hatarynda:
ISO 9001:2015 — hil dolandyryş ulgamy;
ISO 14001:2015 — daşky gurşawy dolandyrmak ulgamy;
ISO 45001:2018 — zähmet howpsuzlygy we saglygy goramak ulgamy;
ISO 21001:2018 — bilim guramalary üçin dolandyryş ulgamy;
ISO 27001:2022 — maglumat howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy boýunça güwänamalar bar.
Şeýle hem instituta «Certiport Authorized Testing Center» halkara synag merkeziniň güwänamasy gowşuryldy. Bu merkez talyplara we hünärmenlere sanly hem-de hünär başarnyklaryny halkara derejede tassyklamaga mümkinçilik berer.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem birnäçe halkara güwänamalar gowşuryldy. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň güwänamasy, ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň minnetdarlyk haty, ÝUNESKO-nyň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy hem bar. Bu güwänamalar Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň, innowasion tehnologiýalaryň we döwrebap bilim ýörelgeleriniň ösdürilýändigini görkezýär.
«THE ASHGABAT TIMES».