Dark
Light
06.10.2026
caga kitaply terbiye THE ASHGABAT TIMES

Kitaba sarpa – durmuşa söýgi

07.09.2026

Kitap milli medeniýetiň ölçeg daşydyr. Kitaba, çeper edebiýata, döredijilige aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleri ýaş nesliň kalbyna milli ruhy gymmatlyklaryň desse-desse çemenini sowgat berýär.

Halkymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Kitap adamyň dostudyr». Eger-de şeýle bolsa, ýene bir nakyly mysal getireliň: «Çyn dost kyn günüňde belli». Kitap durmuşda duşup biläýjek külpetleriň, islendik adamyň ykbalynda gabatlaşyp biläýjek meseleleriň çözgüdine aralaşmaga kömek edýär. Ol hem beýleki ynsanlaryň ykbalynda başyndan geçen ýa-da indi kimdir biriniň başyndan geçip biläýjek durmuşy wakalaryň üsti bilen amala aşýar.

Şu ýerde bir zady aýtmak zerur. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ähli eserleri tapylgysyz göwherler mysaly, biziň tapyp bilmejek paýhaslarymyzy özünde jemleýär. Beýik başlangyçlary oňlanylýan, makullanylýan, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň her bir kitabynyň içinden beýik iş, durmuş, maşgala we syýasy tejribe eriş-argaç bolup geçýär. Aýdylyşy ýaly, ynsany iň zyýada görkezýän zat akyldyr, ýöne tejribe-de akyldan pesde däldir. Sebäbi şol akyly nähili ulanmalydygyny ýene-de tejribe öwredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini okanyňda, Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar raýatydygyňa — ýaş neslidigiňe buýsanýarsyň, guwanýarsyň. Çünki Türkmenistan hut Garaşsyz döwlet derejesine eýe bolandan soň, öz maksatlaryny, ýörelgelerini dünýä aýan etmäge, daşary syýasatynda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik gazandy. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň milli ideologiýasyny özünde jemleýän ajaýyp kitaplarynyň ýalkymy asyrlardan-asyrlar aşyp, ýolumyza şugla saçsyn!

Aýrozy IMAMOWA,
Döwletli etrap Merkezi kitaphanasynyň Hojahaýran geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

seydi institut new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwrebap bilim ojagy – milli pedagogikanyň binýady

1788459026618 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kameraly diş çotgalary dişleri gözegçilikde saklap arassalamaga mümkinçilik berýär

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop