Dark
Light
06.10.2026
garassyzlyyk 35 yyl THE ASHGABAT TIMES

Mukaddes buýsanjymyz, beýik geljegimiz

14.09.2026

2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýyl eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu taryhy sene Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan beýik üstünlikleriň, ösüşleriň we özgertmeleriň belent sepgitleriniň aýdyň beýanydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan taryhy üstünlikler halkymyzyň agzybirliginiň, döredijilikli zähmetiniň we Watana bolan beýik söýgüsiniň miwesidir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda atçylyk däplerimizi, atşynaslyk sungatymyzy öwrenmekde, maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda we medeniýetimiziň gadymy köklerini, gazananlaryny giňden wagyz etmekde taryhy üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhda ilkinji gezek Ýewropa yklymynda guralan ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran saparynyň her bir pursady behişdi bedewlerimiziň jahan içre şöhratyny dabaralandyrdy.

Ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler bolup geçýär. Ösüşleriň we özgerişleriň gözbaşynda durýan mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy döredijilikli işlemäge, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren, şöhratly taryhymyzyň öçmejek sahypalary suratlandyrylýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren bagty barada gürrüň berýän «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly gymmatly eserinde türkmen halkynyň ýüreginde asyrlarboýy ýaşan Garaşsyz döwletli bolmak arzuwynyň wysal bolmagy ugrunda amala aşyrylan beýik işler, ýetilen belent sepgitler täsirli beýan edilýär.

Garaşsyzlyk halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, döwletimiziň berkararlygynyň hem-de röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Bu mukaddes gymmatlygy goramak, berkitmek we geljekki nesillere ýetirmek bolsa her bir türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda uly tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ähli beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýdogdy ANNADURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gumruk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň gümrükçileri Warşawada geçirilen halkara seminara gatnaşdy

gumruk sanly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda gümrük ulgamynda sanly özgertmeler boýunça sebitleýin okuw maslahaty geçirildi

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da
GitTop