Soňky ýyllarda dünýä lukmançylyk jemgyýeti we öňdebaryjy alymlar adamzadyň saglygyna çynlakaý howp salýan ýene bir «görünmeýän duşman» — trans ýaglar barada duýduryş berýärler. Ösen döwletler bu maddanyň azyk senagatynda ulanylmagyny düýbünden gadagan edip ýa-da berk çäklendirip başladylar. Häzirki zaman azyk bazaryndaky bäsdeşlik we sarp ediş medeniýetiniň üýtgemegi bilen bir hatarda, trans ýaglaryň adam bedenine ýetirýän ýaramaz täsiri häzirki döwrüň iň derwaýys lukmançylyk-sosial meseleleriniň birine öwrüldi.
«Trans ýaglar näme we olar nireden emele gelýär?» diýen sowala ylmy nukdaýnazardan seredenimizde, olaryň suwuk ösümlik ýaglaryny emeli usulda gaýtadan işläp, gaty ýag görnüşine getirmek prosesinde, ýagny gidrogenizasiýanyň netijesinde emele gelýän emeli birleşmelerdigini görýäris. Olaryň gelip çykyşy esasan iki görnüşe bölünýär. Birinjisi — senagat trans ýaglary bolup, ösümlik ýaglaryny wodorod bilen doýurmak arkaly alynýar. Bu bolsa önümleriň saklanyş möhletini uzaltmaga we iýlende ýakymly tagam bermäge mümkinçilik berýär. Ikinjisi bolsa tebigy trans ýaglar bolup, käbir iri şahly mallaryň we goýunlaryň etinde, şeýle hem süýt önümlerinde örän az mukdarda duş gelýär. Emma olaryň mukdary az bolandygy sebäpli, senagat trans ýaglary ýaly ýiti ýaramaz täsir görkezmeýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we öňdebaryjy lukmançylyk merkezleriniň geçiren barlaglary emeli trans ýaglaryň adam bedenine hiç hili fiziologik peýdasynyň ýokdugyny we olaryň diňe zyýanly täsir ýetirýändigini görkezýär. Olaryň bedene ýetirýän zyýanly täsirleri örän giň gerimlidir. Ilki bilen, ganda «ýaramaz» holesteriniň derejesini ep-esli ýokarlandyryp, «gowy» holesteriniň derejesini peseldýär we gan damarlarynda tromblaryň emele gelmegine sebäp bolup biler. Şeýle hem olar bedende dowamly çişme hadysalaryny ýüze çykaryp, immun ulgamyny gowşadýar. Öýjükleriň kadaly işlemegine päsgel berip, madda çalşygyny we gormonal deňagramlylygy bozýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hasaplamalaryna görä, her ýyl dowamly keseller sebäpli ýüze çykýan ölümleriň ep-esli bölegi trans ýaglaryň aşa köp sarp edilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Senagat trans ýaglaryny yzygiderli we aşa köp sarp etmek örän howply keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Hususan-da, ýürek-damar keselleriniň — infarktyň, insultyň we aterosklerozyň howpuny birnäçe esse ýokarlandyryp, gan damarlarynyň çeýeliginiň ýitirilmegine getirýär.
Şeýle hem olar bedeniň insuline bolan duýgurlygyny peseldip, 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Garyn boşlugynda wisseral ýaglaryň ýygnanmagyna sebäp bolup, aşa agramlylyga, semizlige we metabolik sindroma getirip biler. Mundan başga-da, adamyň gorag ulgamynyň işini bozup, beýniniň işjeňliginiň peselmegine we ýadyň gowşamagyna hem sebäp bolup biler.
Bu howply maddalar gündelik durmuşymyzda ulanýan köp sanly önümlerimiziň düzüminde gizlenýär. Köp sarp edijiler bu maddanyň haýsy önümlerde bardygyny bilmeýärler. Trans ýaglar, esasan, bir ösümlik ýagynyň gaýta-gaýta gyzdyrylyp ulanylýan fast-fud önümlerinde we fritýurda taýýarlanylýan tagamlarda, margarinlerde we arzan konditer ýaglarynda köp duş gelýär. Şeýle hem köke, wafli, tort we pirožnalaryň kremleri ýaly konditer önümlerinde, doňdurylan kotletler, pizzalar we hamyr önümleri ýaly ýarym taýýar önümlerde, şeýle-de gaplanan çipslerde we beýleki gury iýmitlerde giňden duş gelýär.
Halkara tejribesine ser salsak, dünýä jemgyýetçiliginiň bu meselä garşy berk çäreleri görýändigini görmek bolýar. Mysal üçin, Daniýa dünýäde ilkinji bolup senagat trans ýaglarynyň ulanylmagyny kanun arkaly gadagan etdi we şeýlelikde ýürek-damar kesellerinden ölüm derejesini ep-esli azaltmagy başardy. ABŞ-da we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda azyk önümlerindäki emeli trans ýaglaryň mukdary berk kadalaşdyrylýar ýa-da olary önümçilikden tapgyrlaýyn aýyrmak işleri alnyp barylýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite maksatnamalarynyň üsti bilen bolsa dünýä boýunça senagat trans ýaglaryny azyk önümçiliginiň umumy zynjyryndan doly aýyrmak üçin giň gerimli çäreler görülýär.
«THE ASHGABAT TIMES».