Dark
Light
06.10.2026
lz1lt7qmpyyajask6185dcbgi1jasx8vdw5ieuub scaled THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde parlament diplomatiýasyny pugtalandyrýar

14.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý bilen 11-nji sentýabrda iş duşuşygyny geçirdi. Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda GDA giňişliginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Bu barada kanun çykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda parahatçylyk söýüjilikli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň iri halkara çäreleriň geçirilýän meýdançasyna öwrülendigi bellenildi. Aýratyn hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek durnukly ösüşe gönükdirilen çäreleriň ähmiýetine üns çekildi.

Söhbetdeşler GDA PA-nyň çäklerindäki duşuşyklaryň parlament diplomatiýasyny ilerletmäge we kanun çykaryjylygynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýändigini tassykladylar. Şeýle hem uly ähmiýete eýe boljak GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň noýabr aýynda geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň soňunda taraplar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

iiviargaactzz0vrnkkzp2sivqpjv3 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

gumruk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň gümrükçileri Warşawada geçirilen halkara seminara gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop