Dark
Light
12.09.2026
okuwcy 1 nji syn THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenildi

02.09.2026

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda 2026–2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Baýramçylyk çäreleri asylly däbe görä, Garaşsyzlyk binasyna, şeýle-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bilen başlandy.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirildi, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Çärelere gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň okuwçylara, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda täze döwrebap bilim edaralarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylan täze orta mekdep häzirki zaman okuw enjamlary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edildi. Mekdepde okuwçylaryň bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertler döredildi.

Tejen etrabynda täze çagalar bagy ulanmaga berildi. Täze mekdebe çenli çagalar edarasynda körpeleriň terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Daşoguz şäherinde açylan täze çagalar bagynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda okuw, oýun we dynç alyş şertleri döredildi.

Lebap welaýatynyň Farap we Çärjew etraplarynda iki sany täze orta mekdep ulanmaga berildi. Täze bilim ojaklarynda okuwçylaryň döwrebap bilim almagy, döredijilik ukyplaryny ösdürmegi we sport bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikler döredildi.

Täze bilim edaralary döwrebap okuw enjamlary, interaktiw-multimedia ulgamlary, kitaphanalar, aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin niýetlenen zallar bilen üpjün edildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolsa çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda oýun we okuw otaglary, lingafon hem-de kompýuter otaglary döredildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mfa 01 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen türgenleri Bütindünýä Çarwadarlar oýunyna gatnaşýar

gurlusyk institut THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy ulanmaga berildi

Soňkylar Habar

GitTop