Dark
Light
06.10.2026
sergi isi uniwersal surat THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar

11.09.2026

Türkmenistanda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergi 17–19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler hem-de önümçilik kuwwaty giňden görkeziler.

Foruma döwlet ulgamynyň esasy guramalary we kärhanalary, şeýle hem halk hojalygynyň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän hususy kompaniýalar gatnaşar.

Giň gerimli serginiň esasy maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini, düýpli özgertmeleriň netijelerini, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sinandali THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän saz festiwalyna gatnaşýar

pgbyybtpvydrv7hakyjw7zim9rcn0g 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan «AIM Congress 2026» halkara maýa goýum kongresine gatnaşdy

Soňkylar Habar

GitTop