Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 7–9-njy sentýabr aralygynda Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilen «Sebitara baglanyşyk gün tertibiniň çäginde gümrük işi: Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýa, Garadeňiz sebiti we Günorta Kawkaz bilen baglanyşdyrmak» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada gullugyň metbugat bölümi habar berdi.
Ýewropa Komissiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) hem-de Polşanyň Milli girdejiler boýunça edarasy tarapyndan guralan çärä 15 döwletiň wekilleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
Seminaryň dowamynda «Bir penjire» ulgamyny ösdürmek, eTIR mehanizmini ulanmak arkaly üstaşyr amallaryny utgaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek we sanly çözgütleri ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Amaly sapaklaryň çäklerinde gatnaşyjylar häzirki zaman maglumat tehnologiýalary, gümrük gözegçilik enjamlary bilen tanyşdylar hem-de Warşawa şäheriniň Gümrük edarasyna baryp gördüler.
Seminaryň jemleri boýunça Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarynda bar bolan esasy päsgelçilikler kesgitlenildi. Şeýle hem gümrük amallaryny tizleşdirmek, üpjünçilik zynjyrynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen bilelikdäki çäreler meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak barada ylalaşyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».