11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ol ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga, umumy strategik maksatlara esaslanyp, iki ýurduň milli bähbitlerine laýyklykda çalt depginde ösdürilýär. Ýurdumyzda ulag, gazhimiýa, agrosenagat ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesi toplandy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda hem-de döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýokary baha berilýändigini, ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna ünsi çekdi.
«THE ASHGABAT TIMES».