Dark
Light
06.10.2026
koreya baydak THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýär

12.09.2026

11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlary öz içine alar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn formatlaryň, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda döwlet saparyna, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk görülýändigini aýtdy we bu saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

0f1216e5 0ab5 422c b748 309d7e5d048e THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

gda THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop