Dark
Light
06.10.2026
iiviargaactzz0vrnkkzp2sivqpjv3 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

14.09.2026

Astanada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa Gazagystan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň başlygy Satybaldy Dauletin bilen duşuşdy.

Taraplar işgärleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny goramak, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek, zähmeti goramak, kärdeşler arkalaşyklarynyň bilimini kämilleşdirmek, şeýle hem tejribe alyşmak ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen Özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy.

Saparyň çäklerinde «Durnukly zähmeti üpjün etmekde durmuş gepleşiklerini we kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuny pugtalandyrmak: Gazagystanyň we Türkmenistanyň tejribesi» atly halkara tegelek stol geçirildi. Oňa iki ýurduň kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sebit derejesinde kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň başlyklarynyň Halkara forumynyň, şeýle hem halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe ilerletmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň ähmiýeti bellenildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur»

lz1lt7qmpyyajask6185dcbgi1jasx8vdw5ieuub THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde parlament diplomatiýasyny pugtalandyrýar

Soňkylar Habar

GitTop