10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýär.
Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursat boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda 7 sany ýeňijiniň ady yglan edildi. Olar ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».