Düýn, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Milli mirasymyz — Garaşsyzlygymyzyň berk binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar, ilki bilen, institutyň eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Soňra mejlisler zalynda halkara maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Çeper höwesjeňleriň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary myhmanlar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra maslahat öz işini çykyşlar arkaly dowam etdi. Halkara maslahatda Belarusdan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan alymlar hem utgaşykly görnüşde çykyş etdiler.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
«THE ASHGABAT TIMES».