Dark
Light
14.11.2026
cagalar ylgayar tomusda 26 THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýar çagalar – ýagty ertirlerimiziň umydy

06.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzyň körpe nesilleriniň terbiýelenýän we sowat öwrenýän ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda aň we beden taýdan ösen nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi biz ― terbiýeçileri has-da buýsandyrýar.

Biz hem bakja-bagymyzda çagalaryň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn kemala getirilmegi, irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça okuw-terbiýeçilik işleri babatda tejribelerimizi artdyrmaga çemeleşýäris. Çünki çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmakda ilkinji bilim binýadynyň berk bolmagy möhüm bolup durýar. Gün tertibine laýyklykda irki maşklarda, gezelenç döwürlerinde, hereketli oýunlarda we bedenterbiýe sapaklarynda, beýleki sapaklaryň dynç alyş pursatlarynda, sport ýaryşlarynda we beýleki çärelerde çagalaryň sagdyn ösüşini gazanmak babatda işleri guramak bilen sagdyn-drumuş ýörelgesini wagyz etmäge çalyşýarys.

Beýleki terbiýeçilik çäreleriniň üsti bilen bolsa çagalary milli watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, dost-doganlyk ruhunda terbiýelemek biziň terbiýeçilik işlerimiziň özenini düzýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan çagalaryň ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesine, döwrümiziň häzirki zaman däplerine mahsus kemala getirmekde dürli gyzyklanma çärelerine, bäsleşiklere, säherliklere gatnaşmak bilen aýratyn zehinli çagalaryň ýüze çykarylmagyny, olaryň başarnyklarynyň baýlaşdyrylmagyny gazanýarys. Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerine we görkezijilerine laýyklykda aýratyn işleri geçirmek, ata-eneler bilen bilelikdäki çäreleriň netijeliligini gazanmak, mekdep bilen bilelikdäki iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek hem çagalaryň hünäre ukyply ýetişdirilmegine itergi berýär.

Bagtyýar nesilleri terbiýelemek işinde ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Baýramgül ÖDETAGANOWA,
Daşoguz şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga aydym saz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesiniň ähmiýeti

metjit arkadag THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Soňkylar Makalalar

Biz – yk­ba­ly gal­ky­nan ne­sil­ler!

14.11.2026
Her bir döwletiň ösüş-özgerişlerini onuň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Çünki ýaşlar döwletiň nurana ertirleriniň şamçyragydyr, olaryň her bir üstünlikleridir ajaýyp

Kitap sahypalarynda açylýan dünýä

14.11.2026
Käwagt adam uzak ýollara düşmän hem täze ýurtlary görüp, dürli döwürlerde ýaşap, özüne nätanyş adamlaryň ykbalyna şaýat bolup bilýär. Munuň üçin onuň elinde bir

Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrülýär

14.11.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysady kuwwatyny ösdürmekde, ony has-da berkitmekde önjeýli işler durmuşa geçirilip, şunda ýurdumyzy dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine
GitTop