Dark
Light
06.10.2026
bilim caga mekdep mugallym THE ASHGABAT TIMES

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026

Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gyn­da has-da aý­dyň du­ýul­ýar. Ber­ka­rar ýur­du­myz­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, şeý­le hem me­de­ni kuw­wa­ty has-da ýo­kar­lan­dyr­mak­da ylym we bi­lim go­ru­nyň art­dy­ryl­ma­gy­nyň, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­niň örän ýo­ka­ry­dy­gy­ny ga­za­nyl­ýan ösüş­ler su­but ed­ýär. Ýur­du­myz­da döw­re­bap iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ka­ra de­re­je­li dür­li ugur­la­ra de­giş­li ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­riň müm­kin­çi­li­gi­ni has-da art­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ösü­şi­ne, onuň ne­ti­je­li­li­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­me­gi bi­len bi­lim­iň we ylm­yň ýaş­la­ry­my­zyň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rü­len­di­gi bel­len­mä­ge my­na­syp. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň bi­lim ojak­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, tä­ze bi­na­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Şeý­le­lik­de, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ryn­da zäh­met çek­ýän türk­men ýaş­la­ry­nyň döw­re­bap ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy üp­jün edil­ýär. Ylym-bi­li­miň ös­me­gi ýaş­la­ryň kä­mil­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Hut şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem hal­ky­my­zyň mil­li­li­gi­ne we hal­ka­ra oňyn tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýan ýo­ka­ry me­de­ni­ýet­li, yn­san­per­wer we ada­lat­ly jem­gy­ýet ke­ma­la ge­ti­ril­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nyp, ösüş­le­riň röw­şen ýo­ly bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýar.

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter en­jam­la­ry we in­te­rak­tiw teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­me­gi bi­lim al­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da gi­ňeld­ýär. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne dün­ýä yl­my­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bo­lan bi­lim ber­me­giň tä­ze usul­la­ry­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy türk­men ýaş­la­ry­na be­ril­ýän bi­li­miň dün­ýä de­re­je­si­ne do­ly ga­bat gel­ýän­di­gi­ni aý­dyň su­but ed­ýär. Şeý­le hem okuw otag­la­ry­nyň döw­re­bap şert­le­ri ýaş­la­ryň ylym-bi­li­mi öz­leş­dir­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. 

Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ryň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi tu­tuş mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň, şol san­da onuň her bir pu­da­gy­nyň ös­me­gi­ni, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Şun­da Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny şert­len­dir­ýän we onuň bu ba­bat­da­ky ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ogulhan HEMRAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

968 967 01m3xk6npy4qybymb4v5r0kypb THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Seýminiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

bilim okuwcy kompyuter THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026
Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen

Halk Maslahaty: döwletli başlangyçlara badalga

03.10.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüldi.
GitTop