Dark
Light
06.10.2026
bilim okuwcy kompyuter THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyz Watanymyzyň bilimli nesilleri

03.10.2026

Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň ykbal kesgitleýji iň möhüm, iň bagtly sahypalarynyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygyň gazanylmagydyr. Garaşsyzlyk — bu diňe bir syýasy özbaşdaklyk däldir, ol halkyň öz ykbalyny özüniň kesgitlemegine, öz milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna we ruhy baýlygyna sözüň doly manysynda eýe çykmagyna-da dörän uly mümkinçilikdir.

Mukaddes Garaşsyzlyk ýaş nesiller üçin hem bagtyň gapysyny giňden açdy. Olara okamaga, öwrenmäge, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlarynda-da döwrebap bilim almaga, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmeklerine, Watanymyzy gülledip ösdürmäge öz goşantlaryny goşmagyna örän uly mümkinçilikler döredi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň giňelmegi ýaşlaryň halkara bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşmagyna, dünýä derejesinde öz başarnygyny görkezmegine mümkinçilik açdy. Informatika, matematika, fizika ýaly ugurlarda ýaşlaryň halkara derejede gazanýan üstünlikleri Garaşsyzlygyň miwesidir. Şeýle hem sport ýaryşlarynda, sungat, döredijilik festiwallarynda türkmen ýaşlarynyň gazanýan ýeňişleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň gazanan halkara üstünlikleri barada: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine hem-de gazanýan üstünliklerine men örän ýokary baha berýärin. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiz mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etmelidirler!» diýip nygtamagy ýurdumyzyň bagtyýar, zehinli ýaş nesillerini geljekde-de ylym-bilimde, sportda, medeniýet we sungat babatda täze ýeňişlere, döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty örän uly. Ol ýürekdäki ylham çeşmesi, döredijilige, zähmete, ösüşe ugrukdyrýan güýçdür. Hut şonuň üçin hem bagtyýar ildeşlerimiziň ýüreginde eziz Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanç duýgusy belentdir. Garaşsyzlygyň şuglasy halkymyzy döredijilikli ýaşaýşa, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwletliligimiziň goşa ganaty bolan Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkidip, ata Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Mährijemal GULJANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim caga mekdep mugallym THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

2433dd76 5366 484e b2c0 401c4100359d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda Germaniýanyň Bitewüliginiň güni mynasybetli çäre geçirildi

Soňkylar Makalalar

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli

Halk hakydasyna hormat

04.10.2026
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp,

Bilim bilen belent maksatlar rowaçlanýar

03.10.2026
Ýur­du­myz­da ylym we bi­lim ös­dü­ril­ýär. Be­ýik iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, döw­re­bap ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­di. Ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny, äh­mi­ýe­ti ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da

Halk Maslahaty: döwletli başlangyçlara badalga

03.10.2026
Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüldi.
GitTop