Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan nobatdaky umumymilli forumda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşy ulus-ilimizde uly seslenme döretdi. Onda kabul edilen döwletli çözgütler halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy.
Şanly günde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen, Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň, “Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň, şeýle-de Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tassyklanandygyny aýratyn belläp geçmek ýakymly.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has-da aýdyň ýüze çykarýar. Hususan-da, mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamanyň esasy maksady ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekden, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan, Watana wepaly, zähmetsöýer, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ugur alýar
Biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň eşretli durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna buýsanýarys. Halk Maslahatynyň taryhy çözgütlerini, ondan gelip çykýan wezipeleri ilat arasynda wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Şeýle eşretli döwri peşgeş beren, il-günümizi baky bagtyýarlyga ýetiren döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Nasiba JORAÝEWA,
TDP-niň Farap etrap komitetiniň hünärmeni.