Dark
Light
14.11.2026
hatyra halk hakyda THE ASHGABAT TIMES

Milletiň ogullaryna ruhy tagzym!

05.10.2026

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralanýarlar. Bu gün mynasybetli paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresi geçirilýär.

Halkyň hakydasynda köpasyrlyk tejribe, ýol-ýörelge jemlenendir. Halk hakydasy taryhyň gatlaryna siňen beýik ýeňişleriň, uly ösüşleriň, merdana pederlerimiziň gahrymançylygynyň hem şöhlelenmesidir. Şunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde edermenlik görkezip, pajygaly gijede ömür tanapyny kesen türkmeniň merdana ogly, edermen esger, ajaýyp mugallym, ilhalar ynsan — Gahryman Arkadagymyzyň atasy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewi aýratyn hormat bilen ýatlamak gerek. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýiti parasatlylyk bilen şeýle diýýär: «Merhumlary hatyralamak ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däbidir, ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Hakyda geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyryp, türkmenistanlylaryň täze nesline ýagty geljege tarap öňe gitmäge ýardam berýär». Şoňa görä-de, watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan sarpa bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Agzybirlikde edilýän doga-dilegler bolsa aýratyn sogap we ruhy taýdan jebisligiň nyşany hasaplanýar.

Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine, jemgyýetde belent ynsanperwerlik däplerini aýawly saklamaga gönükdirilen anyk işlerde öz beýanyny tapýar. Goý, Hatyra gününde öten-geçenleriň ruhuna bagyşlap beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler, ýagşy doga-dilegler kabul bolsun!

Nurtäç REJEPOWA,
Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebiniň müdiri.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

01102026 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen ýokary okuw mekdebinde emeli aňa esaslanan «Elektron uniwersitet» innowasion platformasy işe girizildi

caga aydym saz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalar baglarynda aýdym-saz terbiýesiniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Biz – yk­ba­ly gal­ky­nan ne­sil­ler!

14.11.2026
Her bir döwletiň ösüş-özgerişlerini onuň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Çünki ýaşlar döwletiň nurana ertirleriniň şamçyragydyr, olaryň her bir üstünlikleridir ajaýyp

Kitap sahypalarynda açylýan dünýä

14.11.2026
Käwagt adam uzak ýollara düşmän hem täze ýurtlary görüp, dürli döwürlerde ýaşap, özüne nätanyş adamlaryň ykbalyna şaýat bolup bilýär. Munuň üçin onuň elinde bir

Türkmenistan kuwwatly senagat döwletine öwrülýär

14.11.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysady kuwwatyny ösdürmekde, ony has-da berkitmekde önjeýli işler durmuşa geçirilip, şunda ýurdumyzy dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine
GitTop