2026-njy ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy guralyp, munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we innowasion taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda geçirilen bu maýa goýum forumyna dünýäniň 80-den gowrak döwletinden kompaniýalaryň 200-den gowragy wekilçilik etdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi hem-de «Türkmen Kongres» hojalyk jemgyýeti maýa goýum forumynyň esasy guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Foruma öňdebaryjy daşary ýurt korporasiýalary, iri halkara we sebit guramalary, maliýe edaralary, maslahat beriş hem-de reýting agentlikleri, halkara bilermenler gatnaşdylar. Munuň özi halkara çäräniň geriminiň örän giňdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň nyşanydyr. Bu forum maliýe serişdeleri üçin ileri tutulýan pudaklary kesgitlemäge, innowasion teklipler bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilikleri döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu forumyň pudaklara häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi. Şoňa görä-de, Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen bu halkara çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge oňyn täsir eder.
Forumyň «Maýa goýum işjeňligi ― depginli we durnukly ykdysady ösüşiň baş şerti» atly plenar mejlisinde, şeýle hem energiýa durnuklylygy, durnukly ulag ulgamlary, howa şertleri, durnukly oba hojalygy we onuň gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň ösüşine maýa goýumlar ýaly mowzuklaýyn sessiýalarynda degişli ugurlaryň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olar boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu möhüm ähmiýetli foruma gatnaşan myhmanlar, işewürler we maýadarlar Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri we ykdysady kuwwaty, üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, maýa goýum strategiýasy, bäsdeşlige ukyply senagat-innowasion ösüşi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen uly sepgitler, üstünlikler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Leýla NEPESOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy.
Aýşat BERDIMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.