Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler barha rowaçlanýar. Telekeçilik işi bilen meşgullanýanlaryň barha artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, senagat düzümlerinde alnyp barylýan işleriň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir. Aýratyn-da, önümçilik desgalarynyň sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy halkymyzy ýokary hilli we ekologik taýdan arassa harytlar bilen üpjün etmäge giň ýol açýar.
Telekeçilik işiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de partiýasy möhüm orna eýe bolup, onuň agzalary bazar ykdysadyýetine esaslanýan giň gerimli özgertmeleri, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirýärler. Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Azizbek KURAMBAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet dolandyryş ugrunyň magistranty.