Dark
Light
06.10.2026
2 1 THE ASHGABAT TIMES

UNFPA Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda maýa goýumlar we ykdysady diwersifikasiýa üçin demografik sowatlylyk konsepsiýasy boýunça çykyş etdi

02.10.2026

AŞGABAT, Türkmenistan, 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabry — Oktýabr aýynyň 1–2-ne Aşgabatda hökümet edaralarynyň we halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň hem-de halkara işewürleriň we bilermenleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy geçirildi. Bu forum ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek, iri ykdysady taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we strategik hyzmatdaşlygy berkitmek üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Forumyň gün tertibi energetika ulgamyny, ulag-logistikany, sanly tehnologiýalary ösdürmek, şeýle hem durnukly ykdysady ösüş üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ýaly esasy temalary öz içine aldy.

3 THE ASHGABAT TIMES

BMG-nyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew hem bu froumyň işine gatnaşdy. Ol «Ykdysady diwersifikasiýanyň strategik ugry. Halkara maliýe guramalary we ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar» atly 6-njy sessiýada çykyş edip, ykdysady meýilleşdirişde demografik faktorlaryň eýeleýän ornuna ünsi çekdi.

«Demografik üýtgeşmeler uzak möhletleýin maýa goýumlarynyň üstünlikli amala aşmagyny kesgitleýän möhüm faktordyr» diýip, Kemal Goşlyýew nygtady. Ol öz çykyşynda Demografik sowatlylykdan peýdalanmagyň hökümetlere we maýadarlara işçi güýjüniň dinamikasy bilen sarp edijilik talabyna düşünmäge mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa demografik diwidendi öz wagtynda amala aşyrmaga we ykdysady diwersifikasiýa döwründe töwekgelçilikleri azaltmaga kömek edýändigini belledi.

Demografik üýtgeşmeler boýunça maglumat ulgamlaryny berkitmek UNFPA bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde UNFPA Türkmenistanyň Hökümetine ilat baradaky maglumatlary toplamakda we seljermekde, şol sanda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekde, demografik çaklamalar boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmakda we ilatyň sanly statistik reýestrini döretmekde tehniki goldaw berýär. Mundan başga-da, UNFPA Türkmenistanyň 2050-nji ýyla çenli Durnukly demografik ösüşiniň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp düzmegi, şeýle hem aýallaryň we ýaşlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Wagtyň sarp edilşini öwrenmek (Time-use Survey) ýaly başlangyçlary işjeň goldaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2102026 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

halk maslahat 26 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty: döwletli başlangyçlara badalga

Soňkylar Habar

GitTop