Dark
Light
25.01.2026
ab34dc5f07cbb1d44f6f47b120ea6631 THE ASHGABAT TIMES

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi

21.03.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmek, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde Türkmenistan halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýulýar.

Ýurdumyz halkara ähmiýetli iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmegi, türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi açylmagy, gaz geçirjileriniň gurluşyk işlerine badalga berilmegi şeýle hem, elektrik geçirjileriniň taslamalarynyň bir böleginiň durmuşa geçilmegi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň aýdyň mysalydyr.

Geçirilen maslahatda sebitiň ýurtlarynyň umumy ösüşini göz öňünde tutýan bu ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna beýleki döwletlerdir iri halkara guramalaryň, şol sanda halkara maliýe düzümleriniň işjeň gatnaşmagy daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýa taýdan ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýandygy aýdyldy.

Bizi asuda parahat durmuşda ýaşamak üçin uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Bahar BEKMYRADOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk

uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

types of medical supplies THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglyk hyzmatlarynyň esasy enjamy

887ipae2gquql6nggezxtxgrowq2knznwgnttdbe THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop