Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy

24.03.2025

Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär.

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir.

Şeýle hem, ýaňy ýakynda ýurdumyzyň  hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.

Geçirilen forum hem halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Ol söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar. Munuň özi durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär.

Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag , belent başlary aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Eziz GURTMYRADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6603e5e36c214648827917 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy

21012025 002 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky ösüşler

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop